Türkmenistan we Özbegistan haryt dolanyşygyny $2 milliarda ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy ylalaşyldylar. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrligi habar berdi.
Taraplar bu meseläni 2025-nji ýylyň 5-6-njy awgustynda Awazada, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy bilen şeýle-de, Şawat (Horezm welaýaty) bilen Daşoguzyň (Daşoguz welaýaty) arasyndaky serhet söwda zolaklarynyň işini tiz wagtda amala aşyrmak hem-de işjeňleşdirmek boýunça ylalaşyga gol çekildi.
Bu ädim işewürlik işjeňligini güýçlendirmek we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen alnyp barlýar.
Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurtlar arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi $1,15 milliarda deň boldy, 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymýyllygynda bolsa, bu görkeziji $500 milliona golaýlady.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


