Türkmenistan bilen Kipr deňiz hyzmatdaşlygynda täze ädimleri kesgitlediler

BT
Türkmenistan bilen Kipr deňiz hyzmatdaşlygynda täze ädimleri kesgitlediler
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary bilen Marina Hadjimonotliniň duşuşygy 2025-nji ýylyň 7-nji awgusty, Awaza, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde ýurdumyza sapar bilen Kipr Respublikasynyň gämi gatnawy ministriniň orunbasary Marina Hadžimonotli bilen duşuşdylar.

Duşuşyk deňiz üsti arkaly ýük daşamalar hem-de ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Kipr wekiliýetiniň agzalary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň häzirki zaman mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň deňiz infrastrukturasyndaky geljekki ösüş meýilnamalary bilen tanyşdylar.

Taraplar hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmäge we deňiz hem-de logistika ulgamlarynda täze başlangyçlary ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Kipr — paýtagty Nikosiýa bolan, Gündogar Ortaýer deňzinde ýerleşýän ada-döwletdir. Ol Ýewropa, Aziýa we Afrikanyň çatrygynda ýerleşýär, Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup, syýahatçylyk, deňiz gämi gatnawy we maliýe ulgamy bilen meşhurdyr.

2022