Türkmenistan bilen BMG bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen BMG bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar
Aýmyrat Goçmyradowyň we Ramaswami Parwatiň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 13-nji awgusty, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýmyrat Goçmyradow çarşenbe güni Duşenbe şäherinde BMG-niň Täjigistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ramaswami Parwati bilen duşuşdy. Duşuşykda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäklerinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki başlangyçlara aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki işjeň orny, ýurduň Bitaraplyk ýörelgelerine we öňüni alyş diplomatiýasyna ygrarlylygy aýratyn bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) ähmiýeti hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň, şol sanda ýaşlaryň, diplomatik wekilýetiň hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda geçiriljek çäreleriň taýýarlyk meselelerine garadylar.

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy biragyzdan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany kabul etdi. Bu resminamanyň awtorlary hökmünde 86 döwlet çykyş etdi.

2022