“Ahal” topary Kriştiano Ronaldunyň Aşgabada gelmek ähtimallygyny artdyrdy

BT
“Ahal” topary Kriştiano Ronaldunyň Aşgabada gelmek ähtimallygyny artdyrdy
Saud Arabystanyň “Al-Nassr” futbol toparynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Kristiano Ronaldu (Foto: Reuters)

“Ahal” topary Täjigistanyň “Regar-TadAZ” toparyny 2:1 hasaby bilen ýeňip, AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde bu ligada ýurdumyza wekilçilik edýän futbol toparlarynyň sany ikä çykdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çärşenbe güni habar berdi.

Saýlama oýuny 13-nji awgustda Täjigistanyň Tursunzade şäherinde “TALKO Arena” stadionynda geçirildi. Duşuşygyň 62-nji minutynda Bagtyýar Gurgenow, Elman Tagaýewiň burçdan geçiren topuny dürs derwezä gönükdirip hasaby açdy. Aradan diňe iki minut geçensoň, ýer eýeleri hasaby deňledi. Emma Süleýman Mirzoýew 82-nji minutda tapawutlanyp ýeňiş gazandyryjy topy derwezä girizdi.

2024/25-nji ýyl möwsümi Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) klub ýaryşlaryna girizen täze düzümi boýunça geçirilýär. Bu özgertme laýyklykda, klub ýaryşlary üç derejä bölündi: AFK Çempionlar ligasy, AFK-2 Çempionlar ligasy we AFK Çagyryş ligasy. Täze döredilen AFK-2 Çempionlar ligasy öňki AFK Kubogynyň ornuna geçdi. Şol kubokda Türkmenistanyň “Altyn asyr” kluby 2018-nji ýylda finala çykmagy başardy.

Türkmenistan “Ahalyň” ýeňşi bilen ilkinji gezek AFK-2 Çempionlar ligasynda iki kluby bilen çykyş eder. Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” futbol topary hem “Ahal” bilen bilelikde bu ligada bäsleşer. Şeýle-de AFK-2 Çempionlar ligasynda dünýäniň belli ýyldyzy Kristian Ronaldunyň Al-Nassr topary hem çykyş eder. Bu iki toparyň garşydaşlary 15-nji awgustda geçiriljek bije çekilşikde belli bolar.

2022