Türkmenistanyň telekeçileri 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 9-njy oktýabry aralygynda gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlyk” maksatnamasynyň çäginde Germaniýa iş saparyny amala aşyrarlar. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Üç hepdelik iş saparyň dowamynda gatnaşyjylar Germaniýanyň kärhanalaryna baryp görerler, okuw seminarlaryna gatnaşarlar hem-de potensial hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirerler. Bu maksatnama gatnaşyjylara “Made in Germany” pelsepesi bilen ýakyndan tanyşmaga, şeýle hem öňdebaryjy iş tejribelerini öz işlerine ornaşdyrmaga mümkinçilik alarlar.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminde döwlet edaralarynyň hem-de hususy kärhanalaryň wekilleri bar. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde azyk we oba hojalyk senagaty, ýaşyl tehnologiýalar we “akylly” ekerançylyk, dokma, derman we himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, gurluşyk, logistika we ulag ulgamy kesgitlenýär.
German kärhanalary Türkmenistanyň esasan hem energetika tehnologiýalary, maşyn gurluşygy, suw dolandyryşy we lukmançylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaş hökmünde uly mümkinçiliklere eýedigini belleýärler. Bu maksatnama bilelikdäki taslamalaryň başyny başlamak hem-de işewür gatnaşyklary berkitmek üçin netijeli platforma bolar.
“Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlyk” maksatnamasy Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we howany goramak ministrliginiň daşary söwda hem-de maýa goýumlary ösdürmäge gönükdirilen halkara maksatnamasydyr.








30437-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


