Türkmen telekeçileri Karaçi şäherindäki halkara nebit-gaz sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri Karaçi şäherindäki halkara nebit-gaz sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
"Oil & Gas Asia 2024" sergisi, 2025-nji ýylyň 24–25-nji sentýabry, Kuala-Lumpur, Malaýziýa (Surat: imexmanagement.com)

Türkmen kärhanalary 2025-nji ýylyň 23–25-nji awgust aralygynda Pakistan döwletiniň Karaçi şäherindäki sergi merkezinde geçiriljek “Oil & Gas Asia 2025” atly halkara nebit-gaz sergisine gatnaşmaga çagyrýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Serginiň resmi web-saýtynda berilýän maglumatlara görä, çärede nebit-gaz pudagynyň ähli ugurlary — geologiýa gözleginden we buraw işlerinden başlap, gaýtadan işlemegi, saklanyşy, logistikany we ekologiýa taýdan arassa çözgütleri ýaly meseleler gozgalar. Sergide seýsmiki gözleg ulgamlary, sorujylar, gysyjylar (kompressorlar), nebiti gaýtadan öndürmek we arassalamak, süzmek hem-de guýulary dolandyrmak üçin enjamlar görkeziler.

“Oil & Gas Asia 2025” sergisine gatnaşmak —  türkmen kärhanalar üçin halkara derejede öz önümlerini we hyzmatlaryny tanatmak, potensial hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tejribesi bilen tanyşmak üçin mümkinçilikdir.

Bu halkara çäre sebitleýin nebit-gaz pudagynda tehnologiki tejribeleri alyşmak, şertnamalary baglaşmak we maýa goýumlary çekmek üçin möhüm platforma hökmünde çykyş eder.

2022