Türkmenistanyň hirurg lukmanlary Germaniýadan çagyrylan hünärmen bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji gezek selektiw dorsal rizotomiýa — çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly neýrohirurgiki operasiýany üstünlikli geçirdiler. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Operasiýa “Çaga beýni ysmazy (ÇBY), spastik tetraparez” diagnozly 10 ýaşly çaga Aşgabat şäherindäki Şikesleri bejeriş halkara merkezinde geçirildi. Lukmanlar operasiýanyň üstünlikli tamamlandygyny we çagaň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny bellediler.
Rizotomiýa myşsalaryň dartgynlygyny azaltmaga we hassalaryň hereket mümkinçiliklerini ep-esli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu usulyň Türkmenistandaky lukmançylyk tejribesine ornaşdyrylmagy halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde mümkin boldy.
Hirurgik toparynyň düzümine Germaniýadan gelen professor Bronek Maksimilian Boşik hem gatnaşdy. Ol diňe bir operasiýa gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem ýerli hünärmenler bilen maslahatlary, näsaglary barlagdan geçirmäge hem-de tejribe alyşmaga we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna öz goşandyny goşdy.
Ilkinji selektiw dorsal rizotomiýanyň geçirilmegi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynda möhüm ädim boldy. Agyr keselli çagalaryň operasiýa bejergilerini we saglyk ýagdaýlarynyň dikeldilmegi geljekki nesliň saglygyny goramak Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yzygiderli goldanylýar.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


