Russiýadan Türkmenistana oba hojalyk önümleriniň eksportynyň paýy 16% ösdi

BT
Russiýadan Türkmenistana oba hojalyk önümleriniň eksportynyň paýy 16% ösdi
Günebakar ýagyň öndürilişi (Surat: oleoscope.com)

Russiýa Federasiýasy 2025-nji ýylyň ilkinji ýedi aýyň dowamynda Türkmenistana $110 milliondan gowrak möçberde oba hojalyk önümlerini eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16% ýokarydyr. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň oba hojalyk önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen “Agroeksport” federal merkezi habar berýär.

Fiziki ölçegde eksportyň möçberi 125 müň tonnadan geçdi. Esasy iberilýän önümleriň hatarynda  ýaglar, et hem-de süýt önümleri, balyk, içgiler, süýji-köke önümleri we beýleki azyk harytlary bar.

Şol sanda günebakar ýagy, bugdaý uny, şeker, margarin hem-de çagalar üçin iýmit önümleri eksport edilýär.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky umumy haryt dolanyşygy $1,6 milliarddan geçdi.

2022