Uly we Kiçi Balkan daglarynda täze döwlet tebigy goraghanasy dörediler

BT
Uly we Kiçi Balkan daglarynda täze döwlet tebigy goraghanasy dörediler
Köpetdagynyň gerşindäki pars barsy, 2018-nji ýylyň 23-nji dekabry (Фото: aarhusashgabat.org)

Uly we Kiçi Balkanyň çäginde täze döwlet tebigy goraghanasy dörediler. Bu başlangyç baý biodürlüligi hem-de dag massiwiniň tebigy landşaftlaryny gorap saklamaga gönükdirilendir.

Goraghananyň esasy bölegini Uly Balkan tutar, şeýle hem onuň çäklerinde iki sany çäkli goraghana dörediler: biri Kiçi Balkanda, beýlekisi Günorta Üstýurt düzlüginde ýerleşer. Şol bir wagtda çopanlar üçin dag etegindäki öri meýdanlary hem saklanyp, olar tebigata zyýan ýetirmezden maldarçylyk bilen meşgullanyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Balkan sebiti baý flora we faunasy bilen tapawutlanýar: bu ýerde onlarça süýrenijiniň, ýüzlerçe guşuň we süýdemdirijileriň görnüşleri ýaşaýar. Olaryň arasynda türkmen garagulagy, manul pişigi hem-de seýrek duş gelýän zemzenleriň görnüşleri bar. Ekologlar goraghananyň döredilmeginiň haýwanlaryň sanyny artdyrmakda we sebitiň landşaftlaryny gorap saklamakda möhüm ädim boljagyny belleýärler.

Goraghanany döretmek başlangyjy Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

2022