2024: TSTB-niň agzalarynyň sany 29 müňden geçdi

BT
2024: TSTB-niň agzalarynyň sany 29 müňden geçdi
Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi, 2023-nji ýylyň 17–23 marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) agzalarynyň sany 29 müň 824-е ýetdi. Bu barada Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça hasabatynda beýan edilýär.
Hasabata görä, 2024-nji ýylyň dowamynda birleşmä täze 725 agza kabul edildi, olaryň 133-si zenan telekeçi.

Kiçi we orta telekeçilik ýurduň ykdysadyýetindäki ornuny berkidýär. Gurluşyk pudagynda hususy telekeçiligiň orny 87,84 göterime deň boldy, bu bolsa milli ykdysadyýetdäki telekeçiligiň ornunyň ýyl-ýyldan artýandygyny görkezýär.

Geçen ýyl telekeçiler tarapyndan jemi 17 sany, ýagny oba hojalyk ugurly 10 sany, söwda ugurly 4 sany, tekstil ugurly 1 sany we senagat ugurly 2 sany binalar we desgalar açylyp ulanylmaga berilip 1329 sany täze iş orunlary döredildi.

2008-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hususy pudagyň wekillerini birleşdirýän jemgyýetçilik guramasydyr. TSTB öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şeýle-de ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär.

2022