Ýanwar-awgust: Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim artdy

BT
Ýanwar-awgust: Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim artdy
Kagyz gaplamalarynyň öndürilişinden bir pursat (Surat: vm.ru)

Şu ýylyň ýanwar–awgust aýlarynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,1% ýokarlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hasabatda beýan edilişi ýaly, degişli döwürde jemi içerki önüm 6,3 göterim ösdi. Ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda – senagatda 1,5 göterim, gurluşyk pudagynda 7 göterim, ulag-aragatnaşykda 11 göterim, söwdada 9,8 göterim, oba hojalygynda 4,9 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterim ösüş gazanyldy.

Ýanwar – awgust aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterim, çykdajy bölegi hem 97,4 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýeriň hasabatynda mälim edilişine görä, Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,9 göterim ýokarlandy. 

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 10,8 göterim artdy. 

Hökümet mejlisinde şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi.

2022