Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze döwrebap desgalar toplumy açyldy

BT
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze döwrebap desgalar toplumy açyldy
Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabry (Surat: BMG-nyň Ösüş Programmasy)

Mary şäherinde duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ulanmaga berlen goşmaça okuw binasy 2 müň talyp üçin niýetlenilip, onda umumy we amaly okuw otaglary, kompýuter we lingafon otaglary, okuw-tejribehana otaglary, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robot tehnikasy we emeli aň okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler jaýy, kiçi mejlisler jaýy, döredijilik merkezi hereket edýär.

Ýaşaýyş jaýy 800 talyp üçin niýelenip, Talyplaryň ýaşamaklary, dynç almaklary we okuwlara özbaşdak taýýarlanmaklary üçin bu ýerde ähli şertler döredilendir. Üsti ýapyk sport desgasynda bolsa sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik zallary we sport zallary bar. Mundan başga-da, institutyň çaginde desgalaryň energiýa üpjünçiligini goldamak maksady bilen, ýel we gün elektrik stansiýalary gurnaldy.

Institutyň täze desgalarynyň gurluşygy Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabarasynda ÝUNESKO, Latwiýanyň Durnukly gurluşyk geňeşi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan täze desgalaryň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle hem binanyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de bu ýurduň Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, 1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze bilim ojaklarynyň birnäçesi gurulyp ulanmaga berildi. Aşgabatda ýerleşýän “Parahat — 7” toplumyndaky 160 orunlyk we “Çoganly”, “Ýasmansalyk” ýaly ýaşaýyş toplumlarynda ýerleşýän 320 orunlyk çagalar baglary bilen bir hatarda, Lebap welaýatynda hem dört orta mekdep we dört çagalar bagy işe girizildi. Soňky ýyllarda Türkmenistanda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, ýokary derejeli bilim berýän merkezleriň sany ýylsaýyn artýar.

2022