Türkmenistan bilen UNECE söwdadaky normatiw we amaly päsgelçilikleri seljerer

BT
Türkmenistan bilen UNECE söwdadaky normatiw we amaly päsgelçilikleri seljerer
Türkmenistanyň Döwlet Merkezi weterinariýa laboratoriýasynyň wekiliniň Wiktoras Zabolotnos bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 2-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmensitan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi weterinariýa laboratoriýasynyň wekilleri 2-nji sentýabrda Aşgabatda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) hünärmeni Wiktoras Zabolotnos bilen duşuşyk geçirdiler. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen duşuşykda, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, söwdadaky normatiw we amaly päsgelçiliklere milli baha bermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Bu seljerme Türkmenistanyň strategik maksatlaryny, şol sanda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, sanlylaşdyrmagy, ekologiýa howpsuzlygy we Türkmenistanyň halkara söwda ulgamyndaky integrasiýasyny goldamaga gönükdirilendir.

Seljermäniň netijelerini we onuň esasynda taýýarlanan teklipleri 2025-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek duşuşykda hödürlemek meýilleşdirilýär. Bu çäreler işewürlik gurşawyny ýokarlandyrmaga, daşary ykdysady işjeňligi höweslendirmäge, maýa goýumlary çekmäge we Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berer.
Duşuşykda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, milli hil infrastrukturasyny standart derejesine ýetirmek, tehniki kadalaşdyrma, metrologiýa we akkreditasiýa ulgamlaryny kämilleşdirmek, şeýle hem ulag-logistika ulgamyny ösdürmek ýaly meselelere hem aýratyn üns çekildi.

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy BMG-niň bäş sebit komissiýasynyň biridir. Ol 1947-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) tarapyndan döredildi. Komissiýanyň esasy wezipesi sebitdäki ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we UNECE sebitiniň dünýä bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

2022