JBIC Türkmensitandaky iri taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady

BT
JBIC Türkmensitandaky iri taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady
Raşid Meredowyň Amakawa Kadzuhiko bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmensitanyň Daşary işler ministrligi)

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) Türkmensitanyň iri milli taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Amakawa Kadzuhiko bilen Aşgabat şäherinde geçiren duşuşygynyň dowamynda mälim edildi.

Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Iň ýokary derejede ýola goýlan açyk we ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýändigi nygtaldy.

Hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini nygtadylar. 

Duşuşykda taraplar Türkmensitan bilen JBIC-niň üstünlikli hyzmatdaşlyk tejribesini oňyn baha berip, nebitgaz, elektroenergetika, himiýa we beýleki pudaklardaky bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtadylar.

Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) — 1999-njy ýylda döredilen döwlet maliýe guramasydyr. Bank karz bermek we maýa goýum işleri bilen meşgullanýar we hususy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

2022