BMG-niň edaralary Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça maksatnamalaryny tassykladylar

BT
BMG-niň edaralary Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça maksatnamalaryny tassykladylar
BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti, 2024-nji ýylyň 29-30 aprel aralygy, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (UNICEF) ýerine ýetiriji geňeşleri Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça ýurt maksatnamalaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň şenbe güni habar bermegine görä, bu maksatnamalaryň konsepsiýasy türkmen tarapy bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Resminamalara laýyklykda, geljek bäş ýylyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda degişli ugurlar boýunça taslamalar we çäreler durmuşa geçiriler.

BMGÖM, UNFPA we UNICEF tarapyndan taýýarlanylýan ýurt maksatnamalar – belli bir döwür üçin degişli ýurt bilen strategik hyzmatdaşlygyň maksatlaryny, ileri tutulýan ugurlaryny we ýerine ýetiriliş mehanizmlerini kesgitleýän möhüm resminamalardyr. Bu maksatnamalar döwlet edaralary hem-de beýleki hyzmatdaşlar bilen utgaşykly alnyp barylýar.

2022