Türkmenistanyň Mejlisi Ahal we Daşoguz welaýatlarynda döredilen täze ilatly ýerlere şäherçe, oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda Karar kabul etdi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda, Öňaldy geňeşliginiň çäginde “Döwletli Mekan” atly täze oba döredildi we ol bu geňeşligiň täze dolandyryş merkezi boldy. Kaka etrabynda hem “Bagtly Zamana” obasy döredilip, ol hem Gowşut geňeşligiň täze dolandyryş merkezine öwrüldi.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda bolsa Täze ýol geňeşliginiň çäginde “Bitaraplyk” atly täze şäherçe döredildi. Täze ýol geňeşligi ýatyryldy we onuň içine girýän Täze ýol, Çilter, Gamyşlyöý, Garaşsyzlyk we Gazakýer obalary täze Bitaraplyk şäherçesiniň dolandyryşygyna berildi. Geňeşligiň ozalky agzalarynyň ygtyýarlyklary kanunda bellenen möhleti tamamlanýança dowam etdiriler.
Oba hojalyk ministrligi bilen bilelikde Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleri täze dolandyryş çäklerini kesgitläp, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyna degişli üýtgetmeleri girizerler.
Bu karar Türkmenistanyň durmuş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” esasynda kabul edildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


