Türkmenistanyň daşary işler ministri Dohada Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň daşary işler ministri Dohada Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy
Raşid Meredowyň Mariam bint Ali bin Naser Al-Minsad bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 14-nji sentýabry, Doha, Katar (Surat: QNA)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni Dohada Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikler Dohada geçirilýän nobatdan daşary Arap-Yslam sammitiniň öňüsyrasynda Daşary işler ministrleriniň taýýarlyk maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Taýýarlyk maslahaty Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Taniniň başlyklyk etmeginde geçirildi. Oňa Arap döwletleriniň ligasy hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy diýip, Kataryň resmi metbugaty habar berýär.

2022