"Dragon Oil” Türkmenistandaky taslamalaryna $11 milliarddan gowrak maýa goýdy

BT
"Dragon Oil” Türkmenistandaky taslamalaryna $11 milliarddan gowrak maýa goýdy
Said Al Şamsiniň Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäklerinde beren interwýusyndan pursat, 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabry "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan (Surat: ORIENT)

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistandaky taslamalaryna 25 ýylyň dowamynda 11 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy. Bu barada kompaniýanyň marketing we döwlet bilen aragatnaşyk boýunça Baş müdiri Said Al Şamsi Awazada geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäklerinde aýtdy.

Degişli döwürde “Dragon Oil” kompaniýasy 440 million barrelden gowrak nebit çykardy. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär. Bu barada “ORIENT” neşiri habar berýär.

Al-Şamsi sosial, medeni ulgama aýratyn üns berilýändigini belläp, 250 million dollardan gowrak serişdäniň bilim, medeniýet, sport hem-de sagdyn durmuş taslamalaryna gönükdirilendigini aýtdy. Bu “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerli jemgyýetleri goldamaga uzak möhletleýin ygrarlylygyny görkezýär.

Said Al Şamsiniň aýtmagyna görä, üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm görkezijileriniň biri-de işgärler syýasatydyr: kompaniýanyň Türkmenistanda 2200 müňden gowrak işgäri bolup, olaryň 93%-ni ýurduň raýatlary düzýär.

“Dragon Oil” Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda Türkmenistan bilen 2000-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Hazar deňzinde, hususanda, Çeleken şertnama zolagynda uglewodorod serişdelerini gazyp almak kompaniýanyň alyp barýan esasy iş ugrudyr.

2022