Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen bagly paýtagyň birnäçe köçelerinde we şaýollarynda ulag hereketi wagtlaýyn çäklendiriler. Bu barada Aşgabat şäher häkimligi habar berýär.
Şonuň bilen baglylykda,
- 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabyna çenli Bitarap Türkmenistan şaýoly: Bitaraplyk binasyndan – Atamyrat Nyýazow şaýoluna çenli aralygynda,
- 20-nji sentýabrdan – 30-njy sentýabr aralygynda “On at” heýkeli we Çary Nurymow köçesi: Alyşir Nowaýy köçesinden – Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoluna çenli aralygynda,
- 20-nji sentýabrdan – 2-nji oktýabr aralygynda Galkynyş köçesi: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolundan – Sona Myradowa köçesine çenli aralygynda,
- 27-nji sentýabrdan – 12-nji oktýabr aralygynda Görogly köçesi: Atamyrat Nyýazow şaýolundan – Alty Garlyýew köçesine çenli aralygynda,
- 1-nji oktýabrdan – 1-nji noýabr aralygynda Çandybil şaýoly: Bitarap Türkmenistan şaýolundan – Nurmuhammet Andalyp köçesine çenli aralygynda,
- 10-njy oktýabrdan – 25-nji oktýabr aralygynda A.Annaýew köçesi: Gurbansoltan eje şaýolundan – Azady köçesine çenli aralygynda,
- 15-nji oktýabrdan – 1-nji noýabr aralygynda Gurbannazar Ezizow köçesi: Garaşsyzlyk şaýolundan – Atatürk köçesine çenli aralygynda,
- 23-nji oktýabrdan – 1-nji noýabr aralygynda Sona Myradowa köçesi: Magtymguly şaýolundan – Atamyrat Nyýazow şaýoluna çenli aralygynda,
- 31-nji oktýabrdan – 5-nji noýabr aralygynda Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly: Gurbansoltan eje şaýolundan – Magtymguly şaýoluna çenli aralygynda,
- 1-nji noýabrdan – 15-nji noýabr aralygynda Sahy Jepbar köçesi: Garaşsyzlyk şaýolundan – Atatürk köçesine çenli aralygynda,
- 4-nji noýabrdan – 10-njy noýabr aralygynda Magtymguly şaýoly: Nurmuhammet Andalyp köçesinden – Mekdepler köçesine çenli hem-de Nurmuhammet Andalyp köçesi: Magtymguly şaýolundan – “Erkanalyk” binasy ýerleşýän aýlawly çatrygy we Kemine köçesine çenli aralygynda,
- 15-nji noýabrdan – 30-njy noýabr aralygynda Alyşir Nowaýy köçesi: Garaşsyzlyk şaýolundan – Gurbansoltan eje şaýoluna çenli aralygynda ulag hereketi bölekleýin çäklendirilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


