Azerbaýjanda senagat, ulag, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ugurlarynda işleýän 78 sany türkmen kompaniýa üstünlikli hereket edýär. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahip Alekperow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF-2025) aýtdy diýip, “Trend” agentligi habar berýär.
Sahip Alekperow iki ýurduň arasynda oba hojalygy we gaýtadan işlenen önümler boýunça söwdanyň oňyn depgin bilen ösýändigini, ýöne häzirki möçberleriň entäk uly däldigini nygtady we hyzmatdaşlygyň doly mümkinçiligini açmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidgini belledi.
Azerbaýjanyň Özbegistanda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryny hem öz içine alýan söwda wekilhanasyny döretmek baradaky ýakynda kabul eden karary sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar diýip, Alekperow aýtdy.
Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary bu çäreleriň Azerbaýjan harytlarynyň Türkmenistana eksportyny artdyrmaga, maýa goýum hyzmatdaşlygyny berkitmäge, göni iş gatnaşyklaryny ösdürmäge we sebitde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady.
2025-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $140,2 milliona deň boldy.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


