Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýylyň ahyryna çenli 40 milliard manat maýa gönükdiriler

BT
Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýylyň ahyryna çenli 40 milliard manat maýa gönükdiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatyndaky çykyşy (Surat: TDH)

“Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” esasynda ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberindäki maýa goýum serişdeleri özleşdiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resmi metbugatyň habar bermegine görä, serişdeler önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdiriler.

Maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilmegi täze ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap obalaryň we ýaşaýyş nokatlarynyň gurulmagyna, ilatyň rahat durmuş şertleriniň üpjün edilmegine mümkinçilik döreder.

Ýurduň ykdysady syýasatynyň esasy maksady – halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakdyr. Hemme sebitlerde täze iş orunlary döredilýär, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy berkidilýär. Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, ýylyň ahyryna çenli 3 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegi meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurduň raýatlarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de sosial-ykdysady taýdan ösüşine degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022