Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak we senagat hem-de energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk taslamalaryny mundan beýläk giňeltmek boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özbegistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, saglyk, abadançylyk we türkmen halkyna rowaçlyk arzuw etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar syýasy dialogyň ösýändigini we edarara gatnaşyklaryň güýçlenýändigini belläp, goňşyçylyk gatnaşyklaryny we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Şeýle hem söhbetdeşlikde, “Şawat–Daşoguz” serhet söwda zolagynyň gurluşygynyň soňky tapgyrda alnyp barylýandygy, geljekde Özbegistanda sebitleýin forumlaryň, ýöriteleşdirilen sergileriň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we kino günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenilip geçildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar geljekde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklaryň meýilnamasyny ylalaşdylar we sebitleýin möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkyny ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


