Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-a iş saparynyň dowamynda sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen bolan duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Söhbetdeşlikde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Hususan-da, TOPH gaz geçirijisi hem-de Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça pikir alşyldy.
Serdar Berdimuhamedow Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Awstriýanyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen geçirilen duşuşykda taraplar halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar we ikitararaplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň etdiler.
Şeýle hem Tütkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


