Türkmenistan Merkezi Aziýada çölleşmä garşy sebitleýin merkezi döretmegi teklip etdi

BT
Türkmenistan Merkezi Aziýada çölleşmä garşy sebitleýin merkezi döretmegi teklip etdi
Garagum çöli, Türkmenistan (Surat: turkmenmetbugat)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkezi döretmegi teklip etdi. Bu barada BMG-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

BMG-niň degişli düzümleriniň goldawynda hereket etjek şeýle merkeziň döredilmegi sebitleýin mümkinçilikleri utgaşdyrmaga we daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Şeýle hem bu merkez Durnukly ösüş maksatlaryna, hususan-da, onuň 13-nji maksadyna (howanyň üýtgemegine garşy göreş) hem-de 15-nji maksadyna (gury ýeriň ekoulgamlaryny goramak) ýetmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Baş Assambleýanyň mejlisinde 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi hem teklip etdi.

2022