Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda çykyş edip, 2026-njy ýylda sebitiň ekologiýa we klimat meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etjek Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etdi. Bu barada BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.
Döwlet Baştutany çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda teklip eden Hazar ekologiýa başlangyjynyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigini we bu ugurda ähli çäreleriň BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda alnyp barylýandygyny nygtady.
“BMG — parahatçylygy, ösüşi, howpsuzlygy we dünýä ulgamyň durnuklylygyny üpjün edýän, ýurtlar tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk halkara guramadyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Hazar deňzi — dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany bolup, onuň meýdany 371 müň inedördül kilometre barabardyr. Ol Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň kenarlaryny ýuwýar hem-de sebitiň ekologiýasy we durnukly ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


