Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýanyň we Şweýsariýanyň ýolbaşçylaryny Aşgabatda geçiriljek foruma çagyrdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýanyň we Şweýsariýanyň ýolbaşçylaryny Aşgabatda geçiriljek foruma çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 24-nji sentýabry, Nýu-ýork, ABŞ (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma iki ýurduň ýolbaşçylaryny gatnaşmaga çagyrdy.

Bu forum Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Portugaliýanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we BMG-niň çäklerindäki bilelikdäki başlangyçlary goldamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şweýsariýanyň Prezidenti bilen duşuşykda bolsa söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, maliýe pudagynda, farmasewtika we “ýaşyl” energetika ugurlarynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem medeni-ynsanperwer taslamalar boýunça pikir alşyldy.

Taraplar gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini nygtap, özara hormat goýmak we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Nýu-Ýorka amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen we Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen hem duşuşdy.

2022