Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabat atçylyk sport toplumyna baryp, ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň hem-de desgada geçirilen döwrebaplaşdyryş işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, toplum häzirki zaman ekologik talaplaryna we halkara standartlaryna doly laýyk derejede döwrebaplaşdyrylyp, baýramçylyk çärelerini we at çapyşyklaryny geçirmek üçin taýýardyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady. Ol çapuw ýodalarynyň hiline aýratyn üns berip, olaryň hiliniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini hem-de gök zolaklaryň desgalaryň gurluşygy bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy seýisler bilen atşynaslar pudagyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşmakda işjeň gatnaşmalydygynyň zerurdygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, türkmen atşynaslygy milli däplere we baý tejribä daýanyp, halkara derejesindäki talaplara laýyk bolmalydyr.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde hem döwrebaplaşdyryş işleri alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmetiniň höweslendirilmelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni iri döwlet baýramlarynyň biridir. Ol adatça giň gerimli medeni we sport çäreleri bilen bile utgaşdyrylýar. Bu çäreleriň arasynda at çapyşyklary aýratyn orun tutýar we olaryň taýýarlygy ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





