Ýakyn wagtda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu barada penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bu halkara çärelere derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk, bilim tehnologiýalaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalar, ýurduň we daşary ýurtlaryň lukmanlary, alymlary, sport hünärmenleri gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Forumyň çäklerinde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresini, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ösdürilmegine ýardam berer.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çäreleriň milli saglygy goraýyş ulgamyny, sport we bilim pudaklaryny ösdürmekdäki ähmiýetini belläp, olara gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine hem garaldy.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


