Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabarasy, 2024-nji ýylyň 28-nji sentýabry, Ahal welaýaty, Turkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Baýramçylyk çäresinde jemi ýedi çapyşyk 1 müň 600 hem-de 2 müň 200 metr aralyklarda geçirildi. At çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Bu çekeleşikli çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy 2 minut 34,5 sekuntda geçdi.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Olar döwlet Baştutanyna we Gahryman Arkadaga Türkmenistanda atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda edýän giň gerimli tagallalary üçin minnetdarlyk bildirip, behişdi bedewleriň dünýäde şöhratyny has-da artdyrmak üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, döwlet baştutany hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni iri döwlet baýramlarynyň biridir. Ol adatça giň gerimli medeni we sport çäreleri bilen bile utgaşdyrylýar. Bu çäreleriň arasynda at çapyşyklary aýratyn orun tutýar we olaryň taýýarlygy ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.

2022