“Sanly Sowat” okuw merkezi täze okuw ugurlaryny we programmalaryny hödürleýär

BT
“Sanly Sowat” okuw merkezi täze okuw ugurlaryny we programmalaryny hödürleýär
"Sanly Sowat" okuw merkezinde iňlis dili sapagy (Surat: "Sanly Sowat")

“Sanly Sowat” Okuw Merkezi Türkmenistanda öz işini giňeldip, täze okuw ugurlaryny we programmalaryny hödürleýär. 2022-nji ýylda esaslandyrylan merkez ilkinji günlerden başlap häzirki zaman bilim ülňülerine we tejribelerine gabat gelýän okuw usullaryny ornaşdyrdy. Ol halkara derejesindäki “AMAKids” akademiýasynyň we “KIBERone” kibermekdebiniň resmi hyzmatdaşydyr, bu bolsa ösen usullary we dünýä derejesindäki programmalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Merkeziň esasy maksady — çagalar we ulular üçin intellektual mümkinçilikleri hem-de amaly başarnyklary ösdürmäge ýardam berýän ýokary hilli okuw hyzmatlaryny hödürlemekdir.

Merkezde şu dersler boýunça okuw geçirilýär:
 • Iňlis we hytaý dilleri,
 • Mental arifmetika,
 • Programmirleme: Piktomir, Scratch, MinecraftEdu, Google SketchUp, Google Services, Blocky Games, HTML/CSS, JavaScript + Git/GitHub, Python + Git/GitHub, Microsoft Office, Photoshop,
 • Surat çekmek we şekillendiriş sungaty, şeýle hem beýleki ugurlar.

Merkeziň aýratynlyklarynyň biri — her bir okuwça aýratyn çemeleşmedir. Sapaklar 10 adama çenli bolan kiçi toparlarda geçirilýär, bu bolsa ýokary derejeli gatnaşygy we her bir okuwça aýratyn ünsli çemeleşmegi üpjün edýär. Programmanyň möhleti üç aýlyk okuw kursy, sapaklar hepdede üç gezek geçirilýär. Sapaklaryň arasynda gysga dynç alyş arakesmeleri göz öňünde tutulandyr.

Amatlylyk üçin çeýe töleg ulgamy — aýlyk töleg görnüşi — girizilendir, şeýle hem tölegsiz görnüşde synag sapagyndan peýdalanmak mümkinçiligi bar.

“Sanly Sowat” okuw merkeziniň ýolbaşçylary we mugallymlary okuw prosesiniň gyzykly we netijeli geçirilmegi üçin ähli şertleri döretmäge çalyşýarlar.

Okuw merkezi programmalaryň gerimini giňeltmegi dowam etdirýär we ýurduň goşmaça okuw kurslary ulgamynyň ösdürilmegine uzak möhletleýin goşant goşmagy maksat edinýär.

Habarlaşmak üçin:

+993 63 639192

+993 62 525638

Salgysy:

Aşgabat ş., Görogly köçesi, 57 “A” jaý

Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, “Älem” binasy

2022