Kataryň Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýasy ministri “Türkmentel-2025” sergisine gatnaşmaga çagyryldy

Türkmenistanyň Katardaky Ilçihanasy
Kataryň Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýasy ministri “Türkmentel-2025” sergisine gatnaşmaga çagyryldy
M.Seýitmämmedow Mohammed bin Ali Mannai bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabry, Doha, Katar (Surat: Türkmenistanyň Katardaky Ilçihanasy)

14.10.2025 senesinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýasy ministri Mohammed bin Ali Mannai bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Ilçi, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, mahriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.

Şeýle hem bu ugur boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we tejribe alyşmak bilen bagly birnäçe meseleler barada maslahatlaşdy. Aýratyn hem-de bu ýylyň 12-14-nji noýabrynda döwletimizde geçiriljek “Türkmentel-2025” halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Katardaky Ilçihanasy

2022
ENG TM РУС