30-31-nji oktýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şol günlerde Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary we dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynyň ösüşi, Arkadag şäheriniň medisina klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
“Watan” habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N. Atagulyýew forumy geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagynyň we işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada hem aýdyldy. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan 50-den gowrak edara-guramalary, kompaniýalary hasaba alyndy.
Foruma Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisinde wise-premýer N. Atagulyýewe söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýlek-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günlerini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramagy tabşyrdy.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


