Türkmenistan bilen Özbegistan bilim boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaýar

BT
Türkmenistan bilen Özbegistan bilim boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky duşuşykdan pursat

Şu hepde Aşgabatda Özbegistanyň Prezidentiniň Geňeşçisiniň orunbasary Jawlon Wahabow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň rektory Gülşat Ýusupowa bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda bilelikdäki ylmy barlaglar, talyp we mugallym alyş-çalşyklary, okuw maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we bilelikdäki ylmy maksatnamalar ýaly täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň Merkezi Aziýa Halkara Institutyň (IICA) hem ýerine ýetiriji direktory Wahabow X sosial ulgamynda eden beýanatynda duşuşykda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli taraplaryny, olaryň aýratynlyklaryny, üstünlikli mysallaryny we şeýle hyzmatdaşlyklary döretmek we ösdürmek boýunça ädimleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Aşgabatdaky Halkara gatnaşyklary instituty halkara gatnaşyklary, hukuk we ykdysady diplomatiýa ugurlarynda ylym berýär, Özbegistanyň IICA instituty bolsa Merkezi Aziýa boýunça syýasat, ykdysadyýet we medeniýet ugurlarynda ylmy barlaglary alyp barýar.

Wahabow Aşgabada eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanyň bilen hem duşuşdy. Duşuşykda taraplar Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

2022