Apple MacBook M5 Pro we iPad Pro enjamlary bilen tanyşdyrdy

THP
Apple MacBook M5 Pro we iPad Pro enjamlary bilen tanyşdyrdy
"Apple" kompaniýasynyň dükany, London, Birleşen Patyşalyk (Surat: azuremagazine.com)

Apple MacBook M5 Pro we iPad Pro enjamlaryny tanyşdyrdy.

M5 prosessor DÜNÝÄDÄKI IŇ ÇALT prosessor boldy.

MacBook Pro M5 noutbuklaryň arasynda täze lider boldy:

CPU – 10 ýadro. M4-den 20% çalt we M1-den iki esse güýçli.

GPU – şeýle hem 10 ýadro, oýunlarda we professional programmalarda M4-den iki esse çalt.

Her GPU-da Neural Accelerator – indi 3D, render we montaj işleri has çalt amala aşyrylýar.

AI-wezipeler – M4-den üç esse çalt.

SSD – iki esse çalt, batareýanyň ömrü – bir gije-gündiz elektrik toguna birikdirmän, ýarym sagatda 50% zarýad.

MacBook Pro taryhynda iň uly öndürijilik artymy.

Bahasy – 1599 dollardan başlaýar, reňkleri: kümüş we kosmos gara.

M5 çipi bilen täze iPad Pro – bu indi planşet däl-de, eýsem sensor ekranly ýuka MacBook.

Galyňlygy – bary-ýogy 5,1 mm, iPhone-dan hem ýuka. Içinde doly M5 çipi bar.

16 GB çenli operatiw ýat, 2 TB çenli SSD, Ultra Retina XDR ekran – 13 dýuým, 1600 nit ýagtylyk.

Bahalary 11 dýuýmlyk görnüşi üçin 999 dollardan we 13 dýuýmlyk görnüşi üçin 1299 dollardan başlaýar.

Öňünden sargytlar eýýäm açyk, satuwlar 22-nji oktýabrda başlar.

Çeşme: THP

2022