Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
[…]
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostunyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Toplumyň açyk manežiniň bäsleşik geçirilýän meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär.
[…]
Şunlukda, "Ýylyň türkmen edermen alabaýy" adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Itşynas gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Ol türkmen itşynaslarynyň bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirjekdigine ynandyrmak bilen, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşige ussat halypalar bilen birlikde, döredijilik ýoluna täze gadam basan ýaşlar hem gatnaşdylar. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen iň nepis haly, iň gowy çeperçilik şekili, iň gowy heýkeli, iň gowy neşir önümi, türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.
[…]
Çeşme: TDH



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


