Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 20–21-nji oktýabry aralygynda Brýusselde geçirilen Dünýä syýahatçylyk forumyna (Global Tourism Forum 2025) gatnaşdy.
Foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan hökümet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýewropa Komissiýasynyň syýahatçylyk we transport boýunça komissary Apostolos Sisikostas, BMG-niň Syýahatçylyk Guramasynyň (UN Tourism) saýlanan baş sekretary Şaiha Al Nuwais hem-de dürli döwletleriň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bar.
Forumda dünýä syýahatçylyk pudagynyň häzirki ösüş tendensiýalary, durnukly syýahatçylyk babatda tejribe alyşmak, pandemiýadan soňky döwürde syýahatçylyk ulgamynyň dikeldilmegi we işjeňleşdirilmegi boýunça milli başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn üns sanlylaşdyrma, "ýaşyl" tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak meselelerine gönükdirildi.
Türkmenistanyň foruma gatnaşmagy ýurduň global prosesslere, özara düşünişmegi berkitmäge, halkara gatnaşyklary ösdürmäge we umumadamzat abadançylygyna ýardam bermäge ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmenistan syýahatçylyk ulgamyny durnukly sosial-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kabul edip, ýurduň medeni we taryhy mirasyny halkara derejede wagyz etmäge işjeň gatnaşýar.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


