Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan bäri brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we oňa gözegçilik etmek boýunça simulýasiýa okuw maslahaty geçirilýär. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) «Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” çemeleşmesi esasynda pandemiýa taýýarlyk we jogap çäreleri» atly sebitlaýyn taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Okuwyň amaly bölegi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky maldarçylyk toplumynda göçme simulýasiýa maşklary görnüşinde geçirilýär. Okuw maslahatyny FAO-nyň halkara bilermenleri Swetlana Bardenşteýn we Nadaw Galon alyp barýarlar.
Okuwa döwlet weterinariýa we sanitariýa-epidemiologiýa gulluklarynyň hünärmenleri, barlaghanalaryň işgärleri, şeýle hem Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen tarapyndan utgaşdyryjy işini milli bilermen Arslan Soltanmyradow amala aşyrýar. Dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagy Türkmenistanyň «Bitewi saglyk» (adamyň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň toplumlaýyn özara täsiri) ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
FAO-nyň bilermenleri okuw maslahatynyň guralyşyna we türkmen hünärmenleriniň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdiler. Şeýle çäreleriň geçirilmegi milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we haýwanlaryň saglygyny goramak hem-de biologik howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär.
Çeşme: THP



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


