Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy.
[…]
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzüminiň Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edilýändigini belledi.
Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleri döretmegi şu günki duşuşygyň esasy maksady hökmünde görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň üçin şu gün ähli mümkinçilikleriň bardygyna berk ynam bildirdi.
Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik maksatlary barada durup geçdi.
Birinjisi: senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ýapyk aýlawly “ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge girişdik.
Ikinjisi: ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. Gürrüň täze pudaklary döretmek ýa-da bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada barýar. Himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlarda oňat netijeler gazanyldy.
Türkmenistan täze daşarky bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany ösdürýär. Munuň özi döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmegi, ýurdumyzy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu biziň yzygiderli durmuşa geçirýän üçünji strategik maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň tebigy gazy gaýtadan işlemegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmegi dördünji strategik maksat hökmünde görýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, şol sanda günbatar ugry boýunça iri turba geçirijileri gurmagyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýdyp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň bu işlerde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýändigini we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan “Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler.
Durnukly energetika ulgamynda halkara başlangyçlarymyzyň Italiýa tarapyndan goldanylmagy bu ählumumy meselede iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika howpsuzlygyna biz, ilkinji nobatda, energetika akymlarynyň düzümleýin we geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagy diýip düşünýäris. Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu mesele boýunça italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň diňe çig malynyň eksporty bilen çäklenmezligini teklip edip, italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga çagyrdy.
Munuň üçin anyk şertler döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawat elektrik stansiýasy gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýurdumyzyň italýan hyzmatdaşlar bilen Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça hem işlemäge taýýardygyny aýtdy.
Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar — Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berýäris. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler.
Bu logistika ugrunda Hazaryň gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça Hazarüsti ýük daşamalar üçin ulanmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar.
Dokma senagaty hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şu günki işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ulgamda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda “Marzoli”, “Savio”, “Cormatex” we beýleki italýan kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýy ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda üstünlikli ulanylýar. Ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris.
Umuman, Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr. Şunuň bilen birlikde, işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň ýurtlarymyzyň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny, dürli taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň özara saparlarynyň guralmagy möhümdir.
Häzirki wagtda Türkmenistanda bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ulgamda Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň döwlet eksport-karzlaşdyryş agentligi bilen türkmen banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýurdumyzyň goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
Bank ulgamyndan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, işiň ähli görnüşlerini, önümçilik we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistan Italiýa özüniň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar we onuň bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Biz häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de geljegine, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman meýillerine garaýyşlarda özara düşünişýändigimiz bilen şertlendirilendir.
Men şu günki duşuşyga Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Italiýanyň işewür toparlarynyň wekillerini giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp barmagy arzuw etdi.
[…]
Çeşme: TDH









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


