Türkmen wekiliýeti Ženewada BSG we AÖB forumyna gatnaşdy

DIM
Türkmen wekiliýeti Ženewada BSG we AÖB forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýetiniň BSG ýolbaşçylary bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 22–23-nji oktýabry, Ženewa, Şweýsariýa (Surat: Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy)

2025-nji ýylyň 22–23 oktýabry aralygynda Ženewada Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) baş edarasynyň binasynda Aziýa Ösüş Banky (AÖB) bilen bilelikde guralan «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forum geçirildi. 

Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Forumda eden çykyşynda B.Ýalakow Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna tapgyrlaýyn integrasiýasynyň ähmiýetini belläp, milli kanunçylygyň BSG kadalaryna laýyk getirilmeginiň hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň berkitilmeginiň ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde ileri tutulýan ugurlardygyny nygtady.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda Türkmenistanyň BSG-a girmegi boýunça alnyp barylýan işler, agza döwletleriň tejribesiniň öwrenilmegi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar tarapyndan tehniki we maslahat goldawynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurduň BSG bilen gatnaşyklaryny berkitmekde, daşary ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmekde we onuň bähbitlerini sebit hem-de halkara ykdysady işleriň çäklerinde ilerletmekde möhüm ädim boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň DIM-i

2022