2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda türkmen wekiliýeti "Aka-Ausfuhrkredit-Gesellschaft GmbH" maliýe guramasynda "tegelek stol" duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistan we "Aka-Ausfuhrkredit Gesellschaft" (AKA Bank) bilelikdäki taslamalary goldamaga gönükdirilen işjeň işewür gatnaşyklary saklaýarlar. AKA Bankyň wekilleri Germaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda söwda we maliýe hyzmatdaşlygy boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýarlar.
Bu gezekki duşuşykda hem söwda-ykdysady ulgamda we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bir-birege iň ýagşy arzuwlaryny beýan edip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler.
Çeşme: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


