Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda £102 milliona deň boldy

BT
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda £102 milliona deň boldy
Konteýner terminallarynda ýükleriň awtomobil we demir ýol ulgamlary arkaly ugradylyşyna taýýarlyk görülýär.

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň iýul aýyndan 2025-nji ýylyň iýun aýy aralygynda 102 million funt sterlinge barabar boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň işewürlik we söwda departamenti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji mundan öňki hasabat döwri bilen deňeşdirilende 32,5 göterim ýa-da 25 million funt sterling köpdür.

Hasabat döwründe Beýik Britaniýanyň Türkmenistana eksporty 86 million funt sterlinge deň boldy we bu görkeziji 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32 million funt sterling ýa-da 59,3 göterim artdy.

Şol döwürde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandan importy 30,4 göterim artyp, 16 million funt sterlinge barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7 million sterling ýokarydyr.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadan import eden esasy harytlarynyň arasynda umumy senagat tehnikasy we ylmy gurallar bardyr. Türkmenistanyň Beýik Britaniýa eksport eden esasy harytlarynyň arasyna bolsa organiki däl himiki maddalar, mehaniki kuwwat generatorlary we metal magdanlary girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022