Merkezi Aziýa döwletleri hem-de Azerbaýjan geljekde “Made in Central Asia” atly umumy sebit brendini döretmek we bilelikdäki önümçilik meýdançalaryny ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar. Bu mesele 2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň söwda we maýa goýum ministrleriniň ilkinji mejlisinde gozgaldy. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrligi habar berýär.
Mejlisde türkmen tarapyna ýurduň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow wekilçilik etdi.
Duşuşykda taraplar özara söwdany we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky umumy haryt dolanyşygyny 20 milliard ABŞ dollaryna çenli ýetirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň dowamynda gümrük we serhet amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag-logistika ulgamlarynyň sazlaşygyny üpjün etmek, senagat ugrunda bilelikdäki taslamalary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Ministrler çig mal serişdelerini we tehnologiki mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak maksady bilen senagat kooperasiýasynyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň jeminde taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, kooperasiýany ösdürmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek we maýa goýum hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça esasy ylalaşyklary öz içine alýan bilelikdäki jemleýji resminama gol çekdiler.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


