Türkmenistan bilen Özbegistan iki ýurduň raýatlaryna täze özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagyna wizasyz girişi üpjün edýän hukuk bidýadyny kadalaşdyrdylar. Bu mesele Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow bilen Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň arasynda Daşkentde geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilelikdäki serhetýaka söwda zolagy özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, milli önümleri öňe sürmäge hem-de iki ýurduň telekeçilerine goldaw bermäge gönükdirilen meýdança hökmünde görülýär. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrligi duşenbe güni habar berdi.

Serhetýaka söwda zolagynyň tutýan meýdany 6 gektara deň bolup, onuň 3 gektary Türkmenistanyň, 3 gektary bolsa Özbegistanyň çäginde ýerleşýär. Zerur bolan ýagdaýynda, degişli halkara ylalaşygynyň çäklerinde zolagyň meýdany giňeldilip bilner.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda geçirildi.

30434-700x5002.jpg)

30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


