BMGÖM Türkmenistana barlaghanalary döwrebaplaşdyrmak üçin enjamlary getirdiBMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistana barlaghana enjamlarynyň, reaktiwleriň we sarp ediş serişdeleriniň nobatdaky uly tapgyryny getirdi. 586 müň amerikan dollaryndan gowrak bahasy bolan bu harytlar, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde «Türkmenistanyň kliniki-barlaghana gullugyny pugtalandyrmak» atly taslamanyň bir bölegidir.
Bu tapgyryň çäklerinde kliniki barlaghanalary döwrebaplaşdyrmak üçin esasy serişdeler, şol sanda stolüsti sentrifugalar, gan nusgalaryny almak üçin bir gezeklik probirkalar, şeýle hem toplumlaýyn kliniki-barlaghana seljermelerini geçirmek üçin giň gerimli reaktiwler getirildi.
Hususan-da, gürrüň ganyň umumy we biohimiki seljermeleri, koagulogramma üçin reaktiwler, şeýle hem B we C wirusly gepatitleri üçin immunoferment seljermesi (IFS) üçin synag toplumlary barada barýar.
Getirilen enjamlar we serişdeler ýurduň çägindäki kliniki barlaghanalara paýlanar.
Türkmenistan tarapyndan doly maliýeleşdirilýän taslama, kliniki-barlaghana gullugyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, barlaghanalaryň durnukly işlemegini üpjün etmäge we etraplary, şäherleri, welaýat merkezlerini we paýtagty goşmak bilen, ähli sebitlerde ilat üçin barlaghana-diagnostika hyzmatlarynyň derejesini, hilini we elýeterliligini ep-esli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Çeşme: THP

30444-700x5002.jpg)

30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


