Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy

BT
Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy
Demografiki durnuklylygy berkitmek we jyns deňligini öňe sürmek boýunça tegelek stoly, 2025-nji ýylyň 19-njy noýabry, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Pälwanow BMG tarapyndan gurnalan “tegelek stol” duşuşygynda Türkmenistanyň demografik durnuklylygy pugtalandyrmak we gender deňligini ilerletmek tejribesi bilen tanyşdyrdy. Çäre Gazagystanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň binasynda geçirilip, oňa UNFPA-nyň, BMG-niň Zenanlar birleşmesiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Sapar Pälwanow çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri UNFPA we BMG-niň Zenanlar birleşmesi bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap gelýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlyk möhüm tejribe toplamakda, degişli ýol kartalaryny taýýarlamakda, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny goramaga we milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalary amala aşyrmakda giň mümkinçilik döretdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebitleýin demografik ösüş we gender syýasaty babatyndaky esasy ugurlary seljerdiler. Olar häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zenanlaryň ornuna aýratyn üns berip, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, şol sanda parlamentde we biznesde işjeň çykyş edýändigi aýratyn bellenildi.

Şol gün türkmen diplomaty Sapar Pälwanow UNFPA-nyň Türkmenistan we Gyrgyzystan boýunça ýolbaşçysy Çinwe Ogbonne bilen duşuşyk geçirdi.

2022