2024: Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy $1,76 milliarda ýetdi

BT
2024: Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy $1,76 milliarda ýetdi
BAE-nyň Türkmenistanyňdaky ilçisi Ahmed Al Hameli

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda 1,76 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada BAE-nyň Türkmenistanyňdaky ilçisi Ahmed Al Hameli duşenbe güni Aşgabatda ADNOC-yň täze edarasynyň açylyşynda aýtdy.

Ilçiniň bellemegine görä, Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda üçünji orny eýeleýär.

Al Hameli şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine BAE-niň ýolbaşçylarynyň salamyny ýetirdi we Aşgabatda ýerleşýän ilçihanany üýtgewsiz goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,29 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 15,8 göterim ýokarydyr. Türkmenistanyň BAE eksporty 13,3 göterim, importy bolsa 16,2 göterim ösdi.

Türkmenistanyň BAE edýän eksportynyň esasy bölegi himiýa senagaty önümleri, ýangyç-energetika toplumynyň önümleri we oba hojalyk önümlerinden ybaratdyr, import bolsa metallurgiýa senagaty önümleri, ulag serişdeleri, enjamlar we mehanizmlerden ybaratdyr.

2022