2025-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanow we Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň Daşary Söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al Saýed ýolbaşçylyk etdiler. Çäräniň resmi bölegi başlamazdan öň, ministrler ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibi söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer , maýa goýum, ulag hem-de beýleki ugurlardaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini öz içine aldy. Taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ozal gazanylan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler.
Mejlisiniň jemleri boýunça Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Türkmen wekiliýetiniň Doha saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Tuwar Al Kuwariniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Taraplar iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldylar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


