Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Stambul şäherinde penşenbe güni öz işine başlan “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Wekiliýetiň düzümine Söwda-senagat edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri girýär. Olar sergide ýurtda öndürilýän halal önümleri, şeýle hem Türkmenistanyň söwda-ykdysady pudagynda ýetilen sepgitleri görkezerler.

Serginiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara bazarlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen iş duşuşyklary we çäreler geçiriler.
“Halal Expo 2025” sergisi 29-njy noýabra çenli dowam eder. Oňa gatnaşyjylar täze taslamalar bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga we köpugurly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik alarlar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


