Türkmenistan we Katar iki ýurduň arasyndaky söwda-senagat gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksady bilen türkmen-katara işewürler geňeşini döretmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işlerini tamamlamagy ylalaşdylar. Bu mesele 2025-nji ýylyň 26–27-nobýabr aralygynda Dohada geçirilen Türkmenistanyň hem-de Kataryň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara komissiýasynyň üçünji mejlisiniň dowamynda maslahatlaşylyp, duşuşygyň netijeleri boýunça ylalaşyldy.
Duşuşyk Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň we Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň Daşary Söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al-Saýediň ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu barada “Qatar Tribune” neşiri habar berýär.
Kataryň Daşary Söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al-Saýed öz çykyşynda Komissiýanyň iki ýurduň arasynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm meýdança bolup durýandygyny belläp, türkmen kompaniýalaryny we maýadarlaryny Kataryň ösüp barýan bazarynyň açýan mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow energetika, oba hojalygy, dokma we himiýa senagaty ugurlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady.
Mejlisiň gün tertibi söwda we senagat, energetika, gümrük işi, saglygy goraýyş, ylym, ekologiýa, medeniýet, sport, zähmet gatnaşyklary we howa ulaglary ýaly pudaklary öz içine aldy. Taraplar her bir ugur boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň Doha saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Tuwar Al Kuwariniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň telekeçileriniň we işewür toparlarynyň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürmek barada maslahatlaşyldy.







30437-495x4352.jpg)

30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


