Ýewropa Bileleşigi (ÝB) “Global Gateway” maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleri üçin umumy bahasy 12 milliard ýewro bolan maýa goýum bukjasyny taýýarlady. Bu barada 26-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçirilen “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” atly üçünji ykdysady forumuň jemleri boýunça Gyrgyz Respublikasynyň Täze energiýa çeşmeleri boýunça Ýaşyl elektrostansiýalar assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Kundus Kyrbaşewa mälim etdi diýip, “economist.kg” neşiri habar berýär.
Maliýe serişdeleriniň ulag we infrastruktura ulgamlarynyň ösdürilmegine, ýaşyl energiýa boýunça taslamalara, suw serişdelerini dolandyrmaga we klimat başlangyçlaryna, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga, möhüm ähmiýetli minerallaryň özleşdirilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň hususy sektorlaryny goldamaga gönükdiriljekdigi bellenilýär.
Kyrbaşewanyň bellemegine görä, Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyga bolan çemeleşmesi üýtgeýär: ikitaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň ýerine, indi Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri bilen sebit derejesindäki özara gatnaşyklary güýçlendirmäge aýratyn üns berilýär.
Daşkentde geçirilen “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” atly 3-nji Ykdysady forumy öz işini tamamlady. Forumuň dowamynda strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebitara ykdysady gatnaşyklary berkitmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Netijede, taraplar möhüm çig mal boýunça hem-de Aral sebitlegindäki degradasiýa degişli bolan ýerleri dikeltmek babatynda birnäçe taslamalar boýunça ylalaşyklara gol çekdiler.



30635-495x4352.jpg)


30457-495x4352.jpg)

30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


